Kärhana barada
Türkmenistanyň merkezinde Jadyly Däne haryt nyşany bilen “Hoşniýetli dostlar” hojalyk jemgyýeti kärhanamyz 2019-njy ýylyň 22 iyulynda döredilip, konditer önümleriniň önümçiligine 2023-nji ýylyň II-nji ýarym ýyllygynda başlady. däp bolan konditerçilik önümlerini adaty bolmadyk tagam täsirlerine öwürmek nukdaýnazaryndan öz ýoluna başlady. Ilkibaşdan biz diňe iň gowy düzüm bölekleri saýlamak we öz taýýarlanyş usullarymyzy yzygiderli kämilleşdirmek bilen, özümizi kämillige bagyş etdik. Häzirki wagtda biziň ýöriteleşdirmämiz – bu, her biri jikme-jiklere we hile üýtgewsiz ünsi bermek bilen döredilýän kökeleriň birnäçe görnüşleri we wafli taýajyklarynyň hem-de ýassyjak görnüşli waflileriň görnüşleri bolup durýar.
Jädyly Dänede biz diňe bir konditer önümleri däl-de, pursatlary dörediji bolup durýandygymyza buýsanýarys. Biziň önümimiz – bu diňe bir süýjilikler däl, eýsem bu siziň irdenki kofeňiziň, dostlaryňyz bilen duşuşyklaryňyzyň we maşgala dabalaryňyzyň bir bölegidir. Biziň wezipämiz – hatda islendik, üýtgeşik, özboluşly tagamlary kanagatlandyrjak ajaýyp tagamlary hödürlemek bilen, durmuşy süýji etmek we ýatdan çykmajak täsirleri döretmek bolup durýar.
Biziň hyzmatlarymyzyň görnüşleri konditer önümlerine bolan siziň ähli talaplaryňyzy kanagatlandyrmak üçin işlenip düzülen. Siziň gaplamalara bolan şahsy islegleriňizi, islendik tagamlary ýa-da gönümel goldawy gözleýändigiňize garamazdan, biz size ýardam bermäge taýýar. Biziň bilermenlerimiziň topary siziň talaplaryňyza düşünmek we siziň isleglerňizi kanagatlandyrjak önümi hödürlemek üçin siz bilen jebis hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýar. Korporatiw sowgatlaryndan ýörite çärelere çenli biz siziň işewürligiňizi gowulandyrmak, biznesiňizi ösdürmek we siziň müşderileriňizi begendirmek üçin nusgalaryň giň gerimini hödürleýäris. Jadyly Däne bilen aratapawudy duýuň we özüňiz üçin hiç wagt bolmadyk süýjilikler dünýäsini açyň.